
DÖREDIJILIK BÄSLEŞIKLERINIŇ GUWANDYRYJY NETIJELERI
Geçen hepdäniň şenbe güni Ahal welaýatynyň Nowruz ýaýlasyndaky “Türkmeniň ak öýi” binasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň çäklerinde guralýan “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň döwlet tapgyry geçirildi. Ýaş nesillerimiziň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmakda, zehinlerini açmakda bäsleşigiň uly hyzmaty bar. Bu möhüm çäre ýaş nesli milli aýdym-saz sungatymyza çekmekde möhüm ähmiýete eýedir. Şeýle synaglar çagalaryň döredijiligini artdyrýar, zehinlerini ýüze çykarýar. Bäsleşigiň ýeňijileri yglan edilýär. Ýeňijilere, Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, noutbuklar, kompýuterler, planşetler we degişli diplomlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.