"AŞGABAT "ADYNYŇ GELIP ÇYKYŞY DOGRUSYNDA
Paýtagtymyz Aşgabat häzirki wagtda öz ösüşi bilen dünýäniň owadan şäherleriniň birine öwrülýär. Hormatly Prezidentimiziň gurluşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginde binalaryň we desgalaryň bezelişinden başlap, inženerçilik-tehniki üpjünçiligine çenli ähli işleri hemişe gözegçiliginde saklamagy şäherimiziň dünýäde “Aziýanyň merjeni” diýlip tanalmagyna getirdi. Aşgabat ak mermere beslenen binalary bilen Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda öz ornuny tapdy. Paýtagtymyz halkara sport ýaryşlarynyň, ylmy-amaly maslahatlaryň, işewürlik duşuşyklarynyň geçirilýän merkezi bolup, syýahatçylaryň söýgüli şäherine öwrülýär.