TÜRKMENISTANYŇ ENERGIÝANYŇ GELJEGI ULY BOLAN  UGURLARYNY ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA HYZMATDAŞLYGY

TÜRKMENISTANYŇ ENERGIÝANYŇ GELJEGI ULY BOLAN UGURLARYNY ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA HYZMATDAŞLYGY

Hormatly Arkadagymyz sagdyn ekologiýa ýagdaýyny üpjün etmek we energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň mümkinçiliklerini peýdalanmak ýaly ugurlara aýratyn ähmiýet berip, 2014-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Aşgabatda geçirilen Halkara Energetika Hartiýasynyň “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi” atly maslahatda eden taryhy çykyşynda: “Biziň ýurdumyz energiýa serişdeleriniň netijeli bolmagyna we energiýany tygşytlamaga, onuň dikeldilýän çeşmelerini peýdalanmaga aýratyn ähmiýet berýär. Bu meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy häzir halkara energetika gatnaşyklarynyň örän möhüm we sazlaşykly bölegi bolmalydyr diýip hasap edýäris. Ekologiýa meselelerine aýawly we uzak geljegi göz öňünde tutup çemeleşmek, tebigy gurşawy gorap saklamak häzirki döwrüň energetika pudagynyň öňünde duran ýene-de bir esasy wezipedir. Energetiki önümçilik we üstaşyr üpjünçilik ulgamlary döredilende innowasion tehnologiýalary we usullary ulanmak häzirki döwrüň talaby bolup durýar. Dünýäde uglewodorod serişdelerini ýokary ekologiýa talaplaryna laýyklykda çykarmak häzirki wagtda onuň netijeliligine baglydyr” diýip belledi [1, 517 s.].