
TARYHY PURSATLARDAN ÝADYGÄRLIK
9-njy fewralda Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň tabşyrygy boýunça “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryna bilelikde düşülen uly ölçegdäki fotosurat gowşuryldy hem-de Gahryman Arkadagymyzyň iberen mähirli salam ýetirildi. Şu mynasybetli sirkiň binasynyň eýwanynda guralan dabara Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň wise-prezidenti B.Rejebow hem-de “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary gatnaşdylar.