ILDEŞIMIZ – “GDA-NYŇ IŇ GOWY TALYBY”

ILDEŞIMIZ – “GDA-NYŇ IŇ GOWY TALYBY”

Ýakynda Gazagystan Respublikasynyň Bilim ministrliginiň hem-de “Bilim orkenieti” milli innowasiýa-barlag merkeziniň bilelikde guramagynda geçirilen “GDA-nyň iň gowy talyby – 2024” atly halkara bäsleşikde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň nebit senagaty fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Hallynyýaz Babaýew iň gowy talyby – 2024” diýen ada mynasyp bolmagy başardy. Hallynyýazyň Arkalaşygyň çäginde ylym-bilimiň, sungatyň, sportuň ösmegine goşan goşandyna emin agzalary tarapyndan ýokary baha berildi. Şunlukda, oňa “Bilim orkenieti” milli innowasiýa-barlag merkezi tarapyndan I derejeli diplom, “GDA-nyň iň gowy talyby” atly heýkeljik hem-de döşe dakylýan nyşan, GDA döwletleriniň talyplary bilen aragatnaşyk saklamakda we ýaşlar syýasatyny ösdürmekde goşýan goşandy üçin degişli şahadatnama gowşuryldy.