
DÖWREBAP ÖZGERTMELER DURMUŞA GEÇIRILÝÄR
Hormatly Prezidentimiziň degişli tabşyryklary esasynda, ýurdumyzda bu ugurda döwrebap özgertmeler, netijeli işler durmuşa geçirilýär. Bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalardan peýdalanylyp, interaktiw usulda okuw-görkezme esbaplary, audio-wideo materiallary taýýarlamak we okuw işinde ulanmak giň gerime eýe bolýar. Bu bolsa çagalarda bilime söýginiň has körpeje wagtyndan başlanmagyna hem öz oňyn täsirini ýetirýär. Ýakynda Mary şäherinde geçirilen “Çagalara bilim bermekde okatmagyň işjeň öwreniş usullaryndan, innowasion tehnologiýalardan peýdalanmak bilen baglanyşykly okuw-görkezme esbaplaryny, audio-wideo materiallary taýýarlamak boýunça hünärmenleriň iş tejribelerini kämilleşdirmek” atly usuly-amaly maslahatda hem bular barada giňişleýin gürrüň edildi.