
OKUW MASLAHATY
Şu günler Aşgabatda okuw maslahaty geçirilýär. Oňa Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň (TGÝMJ) hem-de Gyzyl Haç Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara federasiýasynyň wekilleri gatnaşýarlar. Okuw maslahatynyň çäklerinde birnäçe mejlisler geçiriler. Olaryň birinjisi nagt-wauçer kömeginiň maksatnamasy barada umumy düşünjeleriň, beýleki ýurtlaryň Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň hereketleriniň meýilnamalary bilen tanyşdyrylmagyna bagyşlanar.