MEKDEP OKUWÇYLARYNYŇ INTERNET OLIMPIADASY

MEKDEP OKUWÇYLARYNYŇ INTERNET OLIMPIADASY

Ýakynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň bilelikdäki tagallalary bilen takyk ugurlara ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdepleriň 10-njy hem-de 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda II matematika we fizika internet olimpiadasy geçirildi. Bu möhüm çärä okuwçylaryň 350-ä golaýy gatnaşdy.