HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ ESERI TÜRK DILINDE

HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ ESERI TÜRK DILINDE

Ýakynda Türkmenistanyň Prezidenti Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” eseriniň türk diline terjime neşiriniň tanyşdyryş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy hem-de Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşigi bilen bilelikde guralan bu çäre Ankarada işleýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylaryny, dostlukly ýurdyň syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň, medeni we ylmy jemgyýetçiligiň, Türkiýede kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekillerini, talyp ýaşlary bir ýere jemledi.