
Bäsleşigiň düzgünnamasy tassyklanyldy
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramaklarynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinde hereket edýän gyzlar gurnaklarynyň arasynda yglan edilen „Iň gowy gyzlar gurnagy” atly bäsleşigiň Düzgünnamasy tassyklanyldy. Bäsleşige Aşgabat, Arkadag şäherlerinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda ýerleşýän umumybilim berýän mekdeplerde hereket edýän gyzlar gurnaklarynyň agzalary, ýagny 9 – 11-nji synplaryň okuwçy gyzlary gatnaşyp, düzgünnamada görkezilen üç şert boýunça bäsleşerler. Deslapky tapgyrda 1-nji orna mynasyp bolan okuwçy gyzlar 2024-nji ýylyň 23-nji fewralynda bäsleşigiň Aşgabat şäherinde geçiriljek jemleýji döwlet tapgyryna gatnaşarlar.