
PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Şeýle at bilen Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti tarapyndan şu okuw mekdebiniň binasynda beýik şahyryň 300 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň X-XI synp okuwçylarynyň arasynda yglan edilen döredijilik we çeper okaýyş bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa welaýat tapgyrlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň her birinde ýeňiş gazanan okuwçylardan 3-si, şeýle hem Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Zaid bin Sultan Al-Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgüniň we Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep- internatynyň her birinde ýeňiş gazanan okuwçylardan 1-si gatnaşdy.