
Belent hormatyň baýramy
Her ýylyň 1-nji oktýabrynda ýurdumyzda giňden bellenilip geçilýän Ýaşulularyň halkara güni pähim-paýhasly ata-babalarymyza bolan belent hormaty dabaralandyrýar. Uludan toýlanýan baýramçylyk türkmen gojalarynyň, mährem enelerimiziň döwletimiziň özygtyýarlylygyny berkitmek, halkymyzyň agzybirligini pugtalandyrmak, milli däp-dessurlary ösdürmek, kemally perzentleri ösdürip ýetişdirmek babatda Watan öňünde bitirýän işlerine goýulýan sylag-sarpanyň çäksizdiginiň alamatydyr.