
“Bilim” žurnalynyň elektron görnüşine onlaýn tertipde ýazylmak mümkin
Žurnalda döredijilikli taslamalary amala aşyrmakda mekdebe çenli bilim edaralarynyň pedagoglarynyň, terbiýeçilik işgärleriniň we müdirleriniň toplan tejribeleri; çagalar hem olaryň maşgalasy bilen aragatnaşygy ýola goýmak boýunça taýyn taslamalar; mekdebe çenli bilim edaralarynyň pedagog-işgärleriniň täze pikirleri we gyzykly oýlap tapmalary öz beýanyny tapýar. Okyjylar iň gowy mekdebe çenli bilim edaralarynyň öňdebaryjy, gymmatly tejribeleri: diňe bir wagtyň synagyndan geçenleri, iň täze usuly maslahatlary, oýunlaryň, sapaklaryň deslapky beýany bilen däl-de, eýsem, çaganyň we terbiýeçiniň şahsyýetini kemala getirmek boýunça maglumatlar, şeýle hem ata-eneler üçin peýdaly maslahatlar bilen tanşyp bilerler.