
BAGTYÝARLYK GUJAGYNDA KEMALA GELÝÄN ÝAŞ NESLIŇ EDEP-TERBIÝE ÝÖRELGESINIŇ BINÝADY BERKIDILÝÄR
9-njy maý. Türkmenistan Beýik Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli, baýramçylyk dabaralaryna beslendi. Bu taryhy ýeňşe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň garry atasy, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň uly goşandynyň bolandygy buýsanç bilen bellenilmelidir. Onuň doganlyk halklaryň wekilleri bilen bilelikde, söweş meýdanlarynda görkezen edermenligi, edermenlikden doly ömür ýoly döwrebap kemala gelýän ýaş nesil üçin watansöýüjiligiň, gaýduwsyzlygyň, belent borja wepalylygyň ýokary nusgasydyr. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde Beýik Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli, uruş weteranlary, söweşe giden esgerleriň yzynda galan ýanýoldaşlary, tylda gaýratly zähmet çeken ildeşlerimiz bilen duşuşyklar guraldy. Hormatly Prezidentimiziň adyndan olara baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Şeýlelikde, hemme welaýatlarda, etraplarda, edara-kärhanalarda, şol sanda, bilim edaralarynyň ähli basgançaklarynda baýramçylyk çäreleri giň gerim aldy. Olardaky aýdym-sazly dabaralar ata-babalarymyzyň gahrymançylygyna goýulýan hormatyň, belent sarpanyň mynasyp beýanyna öwrüldi.