TALYPLARYŇ  HALKARA OLIMPIADASY

TALYPLARYŇ HALKARA OLIMPIADASY

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň guramagynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda materiallaryň garşylygy dersi boýunça V Açyk halkara internet olimpiadasy geçirildi. Olimpiada ýurdumyzdan we daşary ýurtlardan – jemi 63 sany ýokary okuw mekdebinden 877 talyp gatnaşdy.  Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmek, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmek boýunça öňde goýlan wezipeleri berjaý etmäge goşant goşmak olimpiadanyň esasy maksadydyr. Şu halkara internet olimpiadasyny Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty gurady.  Olimpiada bir tapgyrda şahsy bäsleşik görnüşinde geçirilip, onda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Döwlet energetika institutynyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplary aýratyn tapawutlandylar. Şu bäsleşikde türkmenistanly talyplar 106 sany baýrakly orna mynasyp boldy.