ÝOKARY OKUW MEKDEBIMIZIŇ  MUGALLYMLARY  DÖWLET SYLAGYNA  MYNASYP  BOLDULAR

ÝOKARY OKUW MEKDEBIMIZIŇ MUGALLYMLARY DÖWLET SYLAGYNA MYNASYP BOLDULAR

  Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda,  Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň nazary we eksperimental fizika kafedrasynyň dosenti Daulbaý Melebaýew, raýat hukugy kafedrasynyň mugallymy Şirmyrat  Garaýew uzak ýyllaryň dowamynda jan aýaman,  yhlasly çeken zähmetleri üçin  Türkmenistanyň “Watana bolan söýgüsi üçin” medaly bilen sylaglandylar. Sylaga mynasyp bolan halypa bilim işgärleri öz zähmetlerine berlen bu beýik hormat üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa uzak ömür,  berk jan saglyk arzuw edip, mundan bu ýana hem ýaş nesle bilim bermekde döredijilikli işlejekdiklerine ynandyrdylar.