
IŇLIS DILI SAPAKLARYNDA TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNY ÖWRETMEK ÜÇIN INTERAKTIW ÝUMUŞLAR
Halkara gatna-şyklarynyň giň gerime eýe bolýan häzirki döwründe ýurdumyz dünýäniň bilim jemgyýetine goşulyşmakda öňdebaryjy döwletleriň hatarynda durýar. Orta mekdepde iňlis dili dersiniň okuw maksatnamasyna milli mazmunly we möhüm ähmiýetli temalaryň goşulmagy paýhaslylyk bilen okatmaga, daşary ýurt dilini öwrenmäge bolan höwesi we gyzyklanmany berkitmäge hem-de okuwçylaryň köptaraplaýyn pikirlenmek başarnyklaryny ösdürmäge oňaýly täsir edýär. “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” işjeňligi talap edýän möhüm temadyr. Şol bir wagtyň özünde hem, mekdep okuwçylarynyň ara alyp maslahatlaşmagy üçin elýeterlidir. Esasan hem, öwretmegiň interaktiw usulyndan işjeň peýdalanylanda, bilim berlişiniň ýokary hilini gazanmaga giň mümkinçilikler açylýar.