TÜRKMENISTANDAKY NEBIT ÝATAGYNY INTENSIFIKASIÝALAŞDYRMAGYŇ INNOWASION USULLARY
Dünýäniň häzirki ösüş depgininde hem çözüp bolmaýan meseleler bar. Şol meseleler dünýäniň iň derwaýys pudaklarynyň biri bolan nebit-gaz pudagynyň, olara degişli ylmy barlag institutlarynyň öňünde hem durýar. Bu pudak ýerden gazylyp alynýan peýdaly magdanlary nebiti we gazy, mümkin boldugyça, köp mukdarda we ykdysady taýdan amatly ýagdaýda çykarmagyň, gaýtadan işlemegiň, dünýä bazarlarynda ýerlemegiň meselelerini çözmeli bolýar.