
OŇYN BITARAPLYGYMYZYŇ ORTA ASYRLAR TÜRKMEN EDEBIÝATYNDAKY TARYHY KÖKLERINIŇ BIRI
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ösüşiň täze belentliklerine tarap batly gadamlar bilen barýan mähriban Watanymyzda milli ýörelgelerden gözbaş alýan hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy ähmiýetine üns güýçlenýär. Şunuň bilen baglanyşyklylykda, geçmiş ýazyjylarymyzdan miras galan eserleriň orny barha ýokarlanýar. Olary öwrenmek, seljermek, geljekki nesillere ýetirmek, şunuň üsti bilen hem jemgyýetçilik aňyýetini kämilleşdirmek, aňyýetimizi hil taýdan täze basgançaklara galdyrmak babatynda milli bilim ulgamynda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Bagtyýar nesilleriň ata-babalarymyzyň taryhy, ylmy, edebi, pelsepewi eserlerinden habarly bolmaklary, olara degişli bilimleri özleşdirmekleri, milli ruhda terbiýelenmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şu ýylyň dowamynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli alnyp barylýan maksatnamalaýyn işleriň, geçirilýän dürli çäreleriň many-mazmuny barha baýlaşýar, gerimi has-da giňelýär. “Türkmenistanyň çar künjeginde gurlan muzeýler, kitaphanalar, kinokonsert merkezleri, teatrlar, medeniýet köşkleri bagtyýarlyk döwründe oba-şäherleriň iň görkana ýerleriniň birine öwrülip, halkymyzyň agzybirliginiň barha pugtalanmagynyň, umumadamzat medeniýetini özleşdiren, ahlak we estetik taýdan kämil nesli terbiýeläp ýetişdirmegiň hatyrasyna hyzmat edýär” [1, 253 s.]. Beýik şahsyýetlerden galan mirasa milli ösüşiň taryhy şerti hökmünde baha berilmegi dogrudyr. “Halky döretmek boýunça ähli işi intellektuallar alyp barýarlar” diýip, S.Belýakow her bir milletiň ylym-bilim kuwwatyny döreden geçmiş alymlaryň zähmetine kesgitli baha berýär [9, 73 s.].