
KÄMILLIK ÝAŞYNA ÝETMEDIKLERIŇ HUKUK GORAGY
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda ýaşajyk raýatlarymyz babatda alnyp barylýan syýasatyň esasy ýörelgeleriniň baş maksady kämillik ýaşyna ýetmedikleriň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramakdan, olaryň fiziki we psihiki taýdan ösmegi üçin mümkinçilikleri döretmekden ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiz bu barada şeýle belleýär: “Türkmenistan eneligi we çagalygy hukuk taýdan goramak, maşgala goldaw bermek, çagalarymyzyň beden, aň-bilim, ruhy, ahlak we döredijilik taýdan talabalaýyk ösüşini üpjün etmek meselelerine örän jogapkärli hem-de toplumlaýyn esasda çemeleşýär. Ýurdumyz çagalaryň saglygyny, hukugyny goramak, olara ahlak-demokratik ýörelgeler esasynda bilim-terbiýe bermek, zenanlaryň hem-de çagalaryň bähbitlerini we hukuklaryny goramak ugrunda BMG-niň Çagalar gaznasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär, dünýä bileleşiginiň bu ugurdaky tagallalaryny birleşdirmäge çalyşýar. Şunuň bilen baglylykda, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan bu ugurda binýatlaýyn halkara hukuk resminamalarynyň birnäçesine - Çagalaryň ýaşaýşyny, goraglylygyny we ösüşini üpjün etmek boýunça Bütindünýä Jarnamasyna, BMG - niň Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýasyna, Çagalaryň halkara derejede ogurlanmagynyň raýat jähetleri boýunça Gaaga Konwensiýasyna goşuldy” [1]. Galyberse-de, bu wezipäniň çözülmeginiň zerurlygy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň şahsyýetiň hukuklaryny we azatlyklaryny ileri tutýandygyny, ata eneleriň çagalaryny terbiýelemäge we olar barada alada etmäge borçludyklaryny belleýän düzgünlerinden hem gelip çykýar [2].