ÝAŞ NESLE JEMGYÝETÇILIK DÜZGÜNLERINI ÖWRETMEKDE HUKUGYŇ TARYHYNYŇ ÄHMIÝETI

ÝAŞ NESLE JEMGYÝETÇILIK DÜZGÜNLERINI ÖWRETMEKDE HUKUGYŇ TARYHYNYŇ ÄHMIÝETI

   “Häzirki wagtda ýaşlara “Watan” diýen beýik düşünjäniň mukaddesligini düşündirmek, ony gözüň göreji ýaly goramagy we ýürekden söýmegi terbiýelemek örän möhüm wezipeleriň biri bolup durýar” (Serdar Berdimuhamedow. Ýaşlar – Watanyň daýanjy. – Aşgabat: TDNG, 2023. 68 s.) diýip, hormatly Prezidentimiziň nygtamagy ýaş nesliň watançylyk ruhunda terbiýelenmegine, olaryň sagdyn ýaşaýyş durmuşyna, ylym-bilim almagyna, amatly şertlerde zähmet çekmegine uly üns berilýändigine şaýatlyk edýär.