TEBIGY BILIMLERI ÇUŇLAŞDYRYP ÖWRETMEKDE BIOTEHNOLOGIÝANYŇ ORNY

TEBIGY BILIMLERI ÇUŇLAŞDYRYP ÖWRETMEKDE BIOTEHNOLOGIÝANYŇ ORNY

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowyň dünýädäki ähli ösüşleriň ylym hem-de tehnologiýalar esasynda amala aşyrylýandygy barada aýdanlary ähli üstünliklerimiziň gözbaşynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy alym Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirip, täze tehnologiýalara, öňdebaryjy tejribä, ylmyň gazananlaryna daýanyp, giň gerimli maksatnamalary we meýilnamalary durmuşa geçirmekde türkmen ylmy, bilimi ýurdumyzyň öňe gitmeginiň binýatlyk esasy hasaplanýar. Bu ugurda alnyp barylýan işler dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalary, şol sanda, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet (ÝUNESKO) boýunça guramasy tarapyndan biragyzdan goldanylýar hem-de makullanylýar. Bu okgunly özgertmeler ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamyny hil taýdan dünýä derejesine çykarmaga, ylmy barlaglaryň, tehniki işläp taýýarlamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga, jemgyýetiň we döwletiň durmuşynyň möhüm meselelerini çözmäge gönükdirmäge hem-de ahyrky netijede, eziz Watanymyzyň ykdysady, durmuş ösüşi babatda dünýäniň iň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagyna ýardam berer [1]. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, döwletimizi ösdürmegiň köp sanly Prezident maksatnamalary, konsepsiýalary, şol sanda, “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy”, “Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy”, “Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy”, “Türkmenistanda Himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy”, “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy”, “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy” we beýlekiler meýilnamalaýyn esasda üstünlikli durmuşa geçirilýär.