
MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ŞYGYRLARY MILLI TERBIÝÄNIŇ ÝÖRELGELERIDIR
Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda umumadamzat medeni- ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamak, nesilden - nesle geçirmek boýunça uly işler edilýär, dünýä meşhur alymlaryň, akyldarlaryň ylmy we medeni mirasy düýpli öwrenilýär. Hormatly Prezidentimiz: “Magtymgulynyň öz şygyrlarynda ýüzlenmedik temasy ýok diýen ýaly. Onuň watançylyk, ynsanperwerlik, il-halka wepalylyk, halallyk, belent adamkärçilik düşünjelerine ýugrulan eserleri ideýa-mazmun taýdan güýçli bolmak bilen, ýokary terbiýeleýjilik ähmiýete eýedir” diýip belleýär (Serdar Berdimuhamedow. Ýaşlar - Watanyň daýanjy. - Aşgabat: TDNG, 2023. 191 s.).