
ÝAŞLARYŇ DIL MEDENIÝETI - DÖWRÜŇ TALABY
Hormatly Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Garaşsyz ýurdumyzda ene dilimiziň ähli gözelliklerini, öwüşginlerini düýpli öwrenmek, dilimizi aýawly saklamak hem-de nesilden-nesle geçirmek üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Türkmen dili iň gadymy dilleriň biri bolup, öz gözbaşyny Oguz handan alyp gaýdýar. Garaşsyzlyk owazly, şireli, sada, düşnükli dilimiziň has-da pajarlap ösmegine giň mümkinçilik berdi.