
PUBLISISTIKADA DÄPLER WE TÄZEÇILLIK
Şeýle alnanda, däp düşünjesi şertli bolup, islendik sungat eserine täzelik gözlemek mahsus. Sebäbi iň gowy terjimeçiniň hem asyl nusgadan gowy terjime edip bilmejekdigi ýöne ýerden däldir. Galkynyş döwrüniň publisistikasy edebiýatyň häzire çenli özleşdiren edebi däplerini mynasyp dowam etdirdi. Nazaryýet kadalarynyň esasy ýörelgeleri saklanyldy, beýan etmegiň we pikirlenmegiň ýollary baýlaşdy. Ine, bir taryhy wakanyň beýanyny sözläp, ýazyjy şeýle pikir ýöredýär: “Daň atanda, jülgäniň içine gökden şöhle düşdi. Külli türkmen Baştutany şöhläniň astynda Gyrat münüp, çarpaýyna galdyrdy, bir aýlaw at çapdyrdy. Birden gaýypdan inen şöhläniň içinden bir ak kepderi çykyp gelip, türkmen Lideriniň sag gerşinde gondy. Bu ak kepderi şeýle diýdi: “Eý, türkmeniň Arkadagy,Sen bedewe atlanyp, türkmeni dünýä bileleşiginde has içgin töre geçirmekçi bolsaň, türkmeni dünýä derejelerinden hem has belent derejelere çykarmakçy bolsaň, men Seniň öňüňden ýol başlap, ýol görkezip giderin” [6, 2 s.]. Görnüşi ýaly, bu edebi namaçylyk däbiniň mynasyp dowamydyr. Şeýlelikde, däpleriň şöhlelenmesi hökmündäki aýratynlyklary ýüze çykýar: bedewe atlanan gahrymanyň keşbinde häkimlik, hökmürowanlyk alamatlary bolup, bu edebiýatyň ösüşiniň ähli döwürlerine hem mahsusdyr; guşuň keşbi hem halatlylygy aňladýar; kepderiniň keşbi hem türkmen edebiýatyna häsiýetli ýagdaý, parahatçylyk, ýagşy pällilik alamatlaryna eýe; sopuçylyk edebiýatynda guş Asman bilen Zeminiň hökmürowany hökmünde gelýär; “dünýäniň törüne geçmek”, “töre geçmek” düşünjesi gadymy şadessanlardan gözbaş alyp gaýdýar, töre geçmek dereje bolup, abraýyňy ykrar etdirmegi aňladýar.