
ŞAHSYÝETIŇ ÖSÜŞINDE ÖZBAŞDAK PIKIRLENMÄNI KÄMILLEŞDIRMEK MESELESI
Özbaşdak işlemegiň ähmiýetini görkezýän jümle Gahryman Arkadagymyzyň “Älem içre at gezer” romanynda bar: “Ozalky okuwçylar öz ilkinji mugallymlaryny minnetdarlyk duýgusy bilen ýatlaýardylar. Özlerine özbaşdak pikirlenmegi we durmuşda öz ýoluňy saýlap almagy öwredendigi üçin ony alkyşlaýardylar” [2, 168 s.]. Romandaky şu jümleleriň manysyny durmuşa geçirmäge ymtylma işiň maksadyny düzýär. Bize umumy ýörelge bolup hormatly Arkadagymyzyň “Älem içre at gezer” romanyndaky aşakda getirilen sözleri hyzmat etdi: “Anna mugallym bilen Berdimuhamediň bilim we terbiýe bermegiň usullaryny kämilleşdirmek boýunça “Nesillere nesihat” depderine girizilen maslahatlar häzirkizaman şertlerinde hem öz manysyny we ähmiýetini gaçyranok. Olary umumy orta bilim berýän mekdeplerde we ýokary okuw jaýlarynda okadylýan sapaklarda ýaýdanman peýdalanybermeli” [2, 7 s.].