MILLI RUHUŇ TÄZE PELSEPESI

MILLI RUHUŇ TÄZE PELSEPESI

Ilki bilen Gahryman Arkadagymyzyň her birimize ýapan täze bir serpaýynyň – “Hakyda göwheri” atly ajaýyp eseriniň neşir edilmegi bilen bütin türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlaýaryn. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza ruhy serpaý, taryhy daýanç bolan kitaplarynyň hatary ýene bir ajaýyp eser bilen baýlaşdy. Gahryman Arkadagymyzyň her birimiziň aň-düşünjämizde täze pikirleri açýan, her bir türkmeniň kalbynda ter duýgulary oýarýan “Hakyda göwheri” atly taryhy, filosofik eseri ellerimize gowuşdy. “Girişden” we iki uly bapdan ybarat bu özboluşly eseriň “Taryha syýahat” atly birinji babynda türkmen halkynyň we türkmen topragynyň Änew medeniýeti, Beýik Seljuklar döwleti, Horezmşalar döwleti, Parfiýa döwleti bilen baglanyşykly baý, gyzykly hem şöhratly taryhy beýan edilýär. Alym Arkadagymyzyň belent paýhasyna mahsus pikir hümmeti taryha täzeden jan berýär, taryhy maglumatlara täze ýaşaýyş energiýasyny eçilýär. “Ruhy miras” atlandyrylan ikinji bapda bolsa wagtyň, taryhyň we hakydanyň filosofiýasy ýokary şahyranalyk bilen açylyp görkezilýär.