
ÝOKARY BILIMDE BANK KARTLARY ARKALY HASAPLAŞMAGY INNOWASION USULLARDA ÖWRETMEK
Türkmenistanyň bilim ulgamy häzirki wagtda durmuşyň ähli ugurlaryna täsir edýän globallaşma we innowasion-kompýuter tehnologiýalary bilen baglanyşykly bilim prosesiniň maglumatlaşdyrylmagy netijesinde ýüze çykýan çynlakaý üýtgeşmeleri başdan geçirýär. Täze milli bilim ülňüsi, ýokary bilim alan uçuryma bolan isleg, alnan bilimleri ulanmagyň netijeliligi häzirki zaman jemgyýetiniň şertlerinde hünärmen meselesini çözmäge gönükdirilendir.