
PYRAGY BILEN OKAN AHUN
Ynsanperwer, filosof, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň halkara derejesinde bellenilen 300 ýyllyk baýramy jahanyň şahyrana ruhuny ýokary göterdi. Biz şu makalamyzda Magtymguly Pyragynyň okan Şirgazy medresesinde okyjylaryň köpüsine mälim bolmadyk wakalar barada gürrüň bermekçi. Hywahany Şirgazy özüniň adyny dakan medresesini 1719 – 1726-njy ýyllarda gurdurypdyr. Medresäniň talyplar ýaşar ýaly 50 sany hüjresi bolupdyr. Her hüjre bir talyba niýetlenip gurlupdyr, “hüjre” sözi “otag” manysyny aňladýar.