TÜRKMEN PALASYNY DOKAMAGYŇ MILLI TEHNOLOGIÝASY

TÜRKMEN PALASYNY DOKAMAGYŇ MILLI TEHNOLOGIÝASY

Türkmen palaslary halkyň medeni durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolup, düşeklik we öý, zenan goşlarynyň bir görnüşi hökmünde ulanylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: “Kilim – palas milli amaly-haşam sungatymyzyň örän gadymy görnüşleriniň biridir. Ol halydan tapawutlylykda, öýdelip dokalýar” diýip, bu hünäriň sungatlyk derejesine ýokary baha berýär [1, 130 s.].