MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DÖREDIJILIGINDE MILLI EDEP-TERBIÝE KADALARY

MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DÖREDIJILIGINDE MILLI EDEP-TERBIÝE KADALARY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ýaşlar Watanyň daýanjyatly nusgalyk kitabyndaky: Eýsem, Gündogaryň beýik akyldary, türkmeniň beýik şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň eserleri ähli döwürler üçin bahasyna ýetip bolmajak ruhy gymmatlykdyr(Serdar Berdimuhamedow. Ýaşlar Watanyň daýanjy. Aşgabat: TDNG, 2023. 191 s.) diýen parasatly jümleleri Garaşsyz döwleti arzuwlan şahyryň ýürek sesi bolup ýaňlanýar. Türkmen halkynyň bäş müňýyllyk taryhynda döreden, dünýä ýaň salan ýetmişden gowrak döwletiniň synmaz ruhy güýji dana şahyryň mukaddes arzuwlarynyň gönezligi bolup hyzmat edipdir. Akyldaryň: Gurdugym aslynda, bilgil, bu zeminiň myhydyr, Erer ol erkan mydam, budur ki türkmen binasy