
TÜRKMEN ŞYGRYÝETINDÄKI GOŞGY BENTLERINI ÖWRETMEK
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz milli mirasymyzyň öwrenilmegine, medeniýetimiziň ösmegine uly üns berýärler. Şonuň ýaly-da, çeper edebiýatymyzyň dünýä halklarynyň edebiýatynyň hatarynda has-da şöhratlanmagy ugrunda zähmet çekýärler. Bu barada Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz: “Parasatly atalaryň, dana pederleriň asylly nesilleri hökmünde biz bu gün beýik alymlarymyzyň, söz ussatlarymyzyň adamzadyň öňünde bitiren beýik hyzmatlaryna çäksiz hormat goýmak bilen, olara buýsanmalydyrys, guwanmalydyrys” (Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmen medeniýeti. – Aşgabat: TDNG, 2015. 157 s.) diýip belleýär.