TÜRKMENISTANDA ILKINJI ÇAGALAR BAGY

TÜRKMENISTANDA ILKINJI ÇAGALAR BAGY

Aşgabady etekläp oturan şol wagtky Köşi obasyna 1923-nji ýylyň tomsunda mugallymlar maşgalalary göçüp gelýärler. Olar okuw möwsüminiň başlanmagyna taýynlyk görüp başlaýarlar. Ýaşaýan howlularynda çagalaryň köp bolmagy ýaş mugallymlarda körpeleriň mekdebe taýýarlanylmagy üçin çagalar bagyny döretmek pikirini oýarýar. Bu pikir Aşgabat şäher jemgyýetçilik bilim bölümi tarapyndan goldanylýar.