
BIOMETRIK ULGAMLARYŇ ÖNÜMÇILIKDÄKI ORNUNYŇ ÄHMIÝETLI TEHNOLOGIK TARAPLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän täzelikleriniň hatarynda milli döwlet dolandyryş işine dünýä ülňülerine laýyk gelýän innowasiýalary ornaşdyrmak aýratyn orny tutýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň innowasiýalary ösdürmek boýunça yglan eden strategiýasy ýurdumyzda durmuş ulgamynyň ösüşini çaltlandyrmagyň, ylmyň kämilleşdirilmeginiň möhüm bölegi bolup durýar. Şonuň bilen birlikde, durmuş şertlerini ýokarlandyrmakda, dolandyryş işinde innowasion nusgalar emele gelýär. Şeýle innowasion-täzeçil usullaryň biri döwlet işlerinde, milli jemgyýetimizdäki gatnaşyklarda, galyberse-de, adamlaryň şahsy işlerinde biometriýanyň hyzmatlaryndan netijeli peýdalanmakdyr, milli innowasion ulgamyň döredilmeginde, onuň guramaçylyk görnüşlerine ähmiýetli täsir etmekdir.