MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DÖREDIJILIGI HALKARA DEREJESINDE ULY GYZYKLANMA DÖREDÝÄR

MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DÖREDIJILIGI HALKARA DEREJESINDE ULY GYZYKLANMA DÖREDÝÄR

ÝUNESKO-nyň Baş maslahatynyň 42-nji mejlisinde kabul edilen Kararnama laýyklykda, beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýiniň 2024 – 2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşulmagy bilen baglanyşyklylykda, şahyryň hormatyna ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Şahyryň eserleri nemes, iňlis, arap, pars, türk, özbek, gazak, garagalpak we dünýäniň beýleki köp dillerinde okalýar.