TÜRKMENLERIŇ DURMUŞ TOÝUNDA GOLDAW-HEMAÝAT BERMEK ÝÖRELGELERI

TÜRKMENLERIŇ DURMUŞ TOÝUNDA GOLDAW-HEMAÝAT BERMEK ÝÖRELGELERI

Gahryman Arkadagymyz “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynda: “Obanyň ýaşululary toý güni şol ýerde bolmagy toý eýesine uly hormat etmek diýip hasap edýärler... Toý güni obanyň ýaşulularynyň märekede ýaý gurap oturmaklary bilen toý özüniň hakyky görnüşine gelýär” [1, 241 s.] diýip bellemek bilen, ýaşuly nesle jemgyýet derejesinde goýulýan sarpanyň belentdigini, onuň şoňa görä hem ençeme nesiller tarapyndan goldanylandygyny beýan edýär.