Sogaba beslenýän günler

Sogaba beslenýän günler

Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen her ýyl ýurdumyzda giňden bellenilip geçilýän Gurban baýramy goja Zeminiň uly bölegini toýhana öwrüp,  dünýä halklarynyň köpüsinde şanly dabaralara beslenýär. Bu baýramda hemme adamlara, ýakynu-alysda ýerleşen adamzat ähline gowulyklaryň ýaran bolmagy arzuw edilip doga-dilegler edilýär, sadakalar berlip, parahatçylygyň, agzybirligiň, asudalygyň, rysgal-berekediň bolup durjakdygyna ynanylýar.