YKDYSADY MESELELER ÇÖZÜLENDE ÄHTIMALLYKLAR NAZARYÝETINIŇ ULANYLYŞY

YKDYSADY MESELELER ÇÖZÜLENDE ÄHTIMALLYKLAR NAZARYÝETINIŇ ULANYLYŞY

Ilatyň islegleriniň artmagy netijesinde, häzirki döwürde harytlar we hyzmatlar bazarlaryny giňeltmek zerurlygy esasy meseleleriň biridir. Bu bolsa ykdysadyýet ylmynyň ösmegine özüniň degerli täsirini ýetirýär.
Ykdysadyýet adamlaryň möhüm harytlara çäksiz zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin, çäkli çeşmeleri nähili ulanýandyklaryny öwrenýän ylymdyr (Липсиц И.В. Экономика: учебник для вузов. - Москва, 2006).

Ykdysadyýet, esasan, üç soraga jogap gözleýär. Olar haýsy harytlary, hyzmatlary nähili mukdarda döretmelidigi, harytlaryň we hyzmatlaryň nähili hem-de haýsy çig mallaryň kömegi bilen öndürilip bilinjekdigi, harytlary we hyzmatlary kim üçin öndürmelidigi baradaky soraglardyr.