
PUDAKLAÝYN YKDYSADY ÇAKLAMA
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda kabul edilen döwlet maksatnamalary milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu maksatnamalary işläp düzmekde çaklama uly orun degişlidir, çünki çaklama strategik häsiýetli maksatnamalary taýýarlamak üçin esas bolup hyzmat edýär. Bazar gatnaşyklarynyň ýaýbaňlanýan şertlerinde makro we mikro derejelerde ykdysady ösüşi çaklamagyň zerurlygy has-da güýçlenýär.