MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ SYÝAHATLARYNYŇ MAKSATLARY

MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ SYÝAHATLARYNYŇ MAKSATLARY

Gahryman Arkadagymyz özüniň ylmy, syýasy-publisistik eserlerinde, “Älem içre at gezer”, “Döwlet guşy” romanlarynda, şeýle hem, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly goşgusynda Magtymguly Pyragynyň türkmen halky üçin gymmatly ruhy hazynadygyny, beýik terbiýe mekdebidigini, isleg-arzuwlarynyň başlangyjy we baýdakçysydygyny belent sarpa bilen şöhlelendirýär, akyldaryň jahankeşdedigini, gözýetiminiň umman ýaly giňdigini nygtaýar. Gahryman Arkadagymyz we onuň taglymatlaryny dowam etdiriji Arkadagly Serdarymyz  halkymyzyň  ruhy baýlygyny artdyrmakda, şahsyýet we jemgyýet kämilligini gazanmakda beýik akyldary görelde mekdebi edinmäge, ýaşlary bolsa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni arzuwlan beýik şahyryň mynasyp nesilleri bolmaga çagyrýar. Beýik şahyryň şahsyýetine, türkmen halkynyň öňünde bitiren hyzmatyna ýokary baha berýär.