MAGTYMGULY  PYRAGY ‒ GOŞUGYŇ USSADY

MAGTYMGULY PYRAGY ‒ GOŞUGYŇ USSADY

Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy, üstünden ençeme asyr geçendigine garamazdan, ýyl-ýyldan halk arasynda rowaçlyk tapýar. “Magtymguly, halk ýazyndan aýrylma” diýýän beýik şahyryň döredijiligi onuň “Hakdan içenligi” bilen bir hatarda, halk tarapyndan hem çuňňur söýgä mynasyp bolandygyny aňladýar. Şahyryň eserleri, olaryň derňewi ýaş nesle hem öwredilmäge degişlidir. Bu ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň edebiýat sapaklary üçin okuw maksatnamalarynda hem görkezilendir.