ÝURDUMYZYŇ KANUNÇYLYGYNDA ÝAŞLARY TERBIÝELEMEK IŞINIŇ DÜZGÜNLEŞDIRILIŞINIŇ AÝRATYNLYKLARY

ÝURDUMYZYŇ KANUNÇYLYGYNDA ÝAŞLARY TERBIÝELEMEK IŞINIŇ DÜZGÜNLEŞDIRILIŞINIŇ AÝRATYNLYKLARY

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda eden taryhy çykyşynda hormatly döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow: “Häzirki wagtda ýaşlara “Watan” diýen beýik düşünjäniň mukaddesligini düşündirmek, ony gözüň göreji ýaly goramagy we ýürekden söýmegi terbiýelemek örän möhüm wezipeleriň biri bolup durýar” diýip belledi [1]. Şol gurultaýda hormatly Prezidentimiz rejelenen görnüşinde taýýarlanan “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Hukuk tertibini üpjün etmekde ähli raýatlar, şol sanda ýaşlar tarapyndan kanunlaryň berjaý edilmegi, ýaşlarda umumy we ýörite kanunçylygyň talaplary baradaky ýeterlik düşünjeleriň bolmagy hem-de olaryň şol düşünjelerden ugur alyp jemgyýetçilik gatnaşyklaryna girişmekleri möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Kanunyň hökmürowanlygy baradaky ilkinji düşünjeleri körpeler çagalar bagynyň terbiýeçilerinden alýar. Olar ulalyp, kemala gelenlerinde, bilim - düşünjeleriniň derejesine görä, döwlet tarapyndan berjaý edilmegi hökmany diýlip kesgitlenen kanunlary we jemgyýetimizde asyrlaryň dowamynda emele gelen milli ahlak ýörelgeleri berjaý edýärler.