
MAGTYMGULYNYŇ ŞYGYRLARYNDA ADAMYŇ ÝAŞ DÖWÜRLERINIŇ HÄSIÝETLENDIRILIŞI
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen beýik şahyrymyz Magtymguly Pyraga ägirt uly sarpa goýulýar. Hususan-da, onuň pelsepewi, watançylyk, asylly terbiýe, arassa ahlak, öwüt-ündew we beýleki temalara bagyşlap döreden eserleri ylmy derejede öwrenilýär, gaýtadan neşir edilýär. Bularyň özi Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegine getirendigini bellemekçidiris.