ENE MÄHRI EDEPDIR, TERBIÝEDIR, MEKDEPDIR

ENE MÄHRI EDEPDIR, TERBIÝEDIR, MEKDEPDIR

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: “Parasatly ata-babalarymyz nesillere ajaýyp däpleri miras galdyrypdyrlar. Agzybirlik, zähmetsöýerlik, ýaşuly nesle hormat-sarpa goýmak halkymyzyň asyrlarboýy durmuş kadasyna öwrülip geldi. Biziň ýaşlarymyz şol däpleri dowam etdirmelidirler. Ösüp gelýän nesilleri şu ýörelgeler esasynda terbiýelemek hemmämiziň wezipämiz bolmalydyr. Giň gözýetimli ýaş nesli kemala getirmek ilkinji nobatdaky wezipedir” (“Türkmenistan” gazeti. - 2021. - 2 sent.) diýip, milli bilim ulgamynda alnyp barylýan işleriň, edep-terbiýäniň ýokary derejede bolmalydygyny aýdýar. Ýurdumyzda geljegi uly bolan ýaş nesliň irki ýaşdan beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil ösüp kemala gelmegi, döwrebap bilim we terbiýe almagy üçin ähli şertler döredilýär.