ÄNEWIŇ ŞÖHRATLY ŞÄHER GURLUŞYK MIRASY

ÄNEWIŇ ŞÖHRATLY ŞÄHER GURLUŞYK MIRASY

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik başlangyçlaryny mynasyp hem döredijilikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan öňdengörüjilikli parasatly döwlet syýasatynda altyn taryhymyzy,milli mirasymyzy sarpalamak we ylmy esasda öwrenip, adamzada wagyz etmek meseleleri aýratyn orun tutýar. Merdana pederlerimiziň adamzat aslyna miras galdyran ruhy-medeni we maddy gymmatlyklarynyň hatarynda iňňän täsin binagärlik, şähergurluşyk mirasy düýpli esasda öwrenilmäge mynasypdyr. Türkmenistanda halkyň manyly we ýeňişli ykbalynyň gat-gat sahypalaryny özünde jemleýän kaşaň-kaşaň binalary – taryhy-medeni ýadygärlikleri ylmy taýdan öwrenmek, gorap saklamak we dikeltmek babatda tutumly işleri alyp barmak ýola goýuldy.