
ARKADAG ŞÄHERINIŇ GÖRKÜNE GÖRK GOŞÝAN AK HANYŇ HEÝKELI
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyjy bilen Arkadag şäheriniň gurulmagy ýurdumyzyň taryhynda ähmiýetli orna eýe boldy. Halkymyzyň milli buýsanjy bolan meşhur ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny artdyrmak maksady bilen, meşhur Akhan bedewiniň heýkeli döwrebap şäherde öz mynasyp ornuny tapdy. Gahryman Arkadagymyzyň görkezmelerinden ugur alnyp, naýbaşy sungat derejesinde döredilen heýkeliň bezeg işlerini Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň halypa mugallymlary we talyp ýaşlary ösen tehnologiýalar esasynda ýerine ýetirdiler.