GENDER DEŇLIGI WE TÜRKMEN MILLI DÄPLERINIŇ SAZLAŞYKLY UTGAŞMAGY

GENDER DEŇLIGI WE TÜRKMEN MILLI DÄPLERINIŇ SAZLAŞYKLY UTGAŞMAGY

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz şeýle belleýär: “Mähriban gelin-gyzlar! Türkmenistanyň raýatlarynyň eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen täze Galkynyş syýasatymyzyň düýp maksatlarynyň biri-de eziz enelerimiziň, edep-ekramyň nusgasy hasaplanýan gülden näzik gelin-gyzlarymyzyň bagtyýarlygyny, hukuklaryny ygtybarly goramagy üpjün etmekden ybaratdyr” (Gurbanguly Berdimuhamedow. Ösüşiň täze belentliklerine tarap. Saýlanan eserler. 2-nji tom. – Aşgabat: TDNG, 2009. 76 s.). Her bir jemgyýetiň medeniýeti şol jemgyýetiň aýal-gyzlaryna bolan garaýşy bilen kesgitlenýär.