Täze okuw ýylyna taýýarlyk

Täze okuw ýylyna taýýarlyk

Täze okuw ýyly bosagada. Hormatly Prezidentimiz 1-nji sentýabrda Bilimler we talyp ýaşlar gününiň ýokary derejede bellenilip geçilmelidigi bilen baglanyşyklylykda, ýurdumyzda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesle berilýän bilimiň mazmunynyň we hiliniň halkara talaplaryna laýyk gelmegini gazanmak boýunça degişli tabşyryklary we görkezmeleri berdi. Mundan ugur alnyp, ylym-bilim ulgamy kämilleşdirilýär, onuň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär. Tiz wagtda täze – 2023 – 2024-nji okuw ýylynyň başlanjakdygy sebäpli, ýurdumyzyň welaýatlarynda bilim binalarynyň açylyp, ulanylmaga berilmäge taýýarlanylyp goýulmagy bilim işgärleriniň bu baýramçylyk günleriniň öňüsyrasyndaky şatlygyny has-da artdyrýar. Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň bilelikdäki “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýetinde hem-de Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Kompýuter tilsimaty merkeziniň“Agzybirlik tilsimaty” bilelikdäki kärhanasynda 1-nji synpyň okuwçylaryna Prezidentimiziň adyndan sowgat beriljek noutbuk görnüşli kompýuterleri öndürmek teklip edildi. Şeýlelikde, bu kompýuterler 2023 – 2024-nji okuw ýylynda ýurdumyzyň umumy bilim berýän mekdepleriniň 1-nji synpyna gelmegine garaşylýan 153 353 okuwçyny begendirer. Ak ertirlerimiziň eýeleri bolan ýaş nesilde eziz Watanymyza, merdana halkymyza, hormatly Prezidentimize we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza bolan çuňňur söýgini we çäksiz wepalylygy terbiýelemek, ýokary depginli ösüşlere, olarda belent üstünliklere buýsanjy kemala getirmek we ösdürmek maksady bilen, ýurdumyzyň ähli bilim ojaklarynda baýramçylyk gününi dabaraly bellemek bilen baglanyşykly guramaçylyk işleri ýokary depginlerde geçirilýär. Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň ähli okuw mekdeplerinde baýramçylyk çäreleriniň guralmagyna uly taýýarlyk görülýär. Däp bolşy ýaly, täze okuw ýyly üçin başlangyç, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerine zehinli ýaşlar talyplyga kabul edildi. 2023 – 2024-nji okuw ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň 35-si açyldy. Bu bolsa jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlary üçin hünärmen taýýarlamak meseleleri bilen baglanyşykly öňde durýan wezipeleriň oňyn çözgüdidir we ýurdumyzda kämil bilimli, giň gözýetimli,saýlap alan kärini oňat bilýan, başarnykly hünärmenleri taýýarlamakda alnyp barylýan işleriň barha giň gerime eýe bolýandygynyň ykrarnamasydyr. Bilimiň ähli basgançaklarynyň elektron kitaphanalaryny okuw-usuly, terbiýeçilik ähmiýetli täze maglumatlar bilen baýlaşdyrmakda, toplanylan maglumatlary sanly bilim portalyna ýerleşdirmekde ýerine ýetirilýän işleriň çäginde başlangyç, orta hünär we ýokary bilim edaralarynda elektron görnüşine geçirilen kitaplaryň, şol sanda aýry-aýry okuw dersleri boýunça işlenilip taýýarlanylýan elektron tanyşdyryşlaryň, elektron okuw-görkezme esbaplarynyň hem-de audio-wideo ýazgylaryň üsti ýetirildi. Bular täze okuw ýylynda hünär biliminiň dürli basgançaklarynda sapaklary usuly taýdan döwrebaplaşdyrmakda uly ähmiýete eýedir. Awgust maslahatlary.Bu maslahatlar bilim edaralarynyň işgärleriniň hünär baýramçylygydyr.Däpbolşy ýaly,awgust maslahatlarynyň guraljak binalarynyň we olaryň okuw-maslahat otaglarynyň görnükli ýerlerinde, Aşgabat şäheriniň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň Baş bilim müdirliklerinde,usuly merkezlerinde, öňde baryjy mekdeplerde hormatly Prezidentimiziň ýaş nesle çuňňur bilim-terbiýe bermek baradaky parasatly sözleri,sargytlary ýazylyp goýuldy.Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan Kemal tapan ajaýyp kitaplarynyň ähmiýetini açyp görkezýän we işiniň ussady bolan öňdebaryjy bilim işgärleriniň iş tejribelerini beýan edýän sergiler guraldy. Maslahatlarda çykyş etmek üçin hödürlenen temalar gündelik metbugat arkaly degişli hünärmenlere öňünden ýetirildi. Işine ussat mugallymlar, terbiýeçiler, usulyýetçiler, belli pedagoglar saýlanyp alnan temalar boýunça Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynyň Baş bilim müdirliklerinde, usuly merkezlerde, öňdebaryjy usulyýeti bilen tanalan mekdeplerde guralan usuly-amaly okuwlarda we okuw maslahatlarynda çykyş etdiler. Şeýle çykyşlarda ýaş nesle berilýän bilim terbiýäniň ýokary hilini, mugallymlaryň gündelik okuw sapaklaryna taýýarlykly gelmeklerin gazanmak, sapaklary guramagyň innowasion usullaryny, bilime sanly serişdeleri giňden ornaşdyrmagy, pedagogik işgärleriň hünär ussatlygyny yzygiderli ýokarlandyrmagy, mekdebe çenli bilim edaralarynda körpeleriň irki ýaşdan sagdyn ösmeklerini,mekdebe taýýarlykly barmaklaryny gazanmak, okuwçylary döredijilikli pikirlenmäge çekmek, “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň”, “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň” usullaryna aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň bilim ulgamyny dünýä ülňülerine laýyklykda döwrebaplaşdyrmak hem-de yzygiderli kämilleşdirmek ugrunda alyp barýan düýpli özgertmeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe barha uly rowaçlyklara eýe bolýar. Arkadagly Serdarymyzyň milli bilim ulgamyny ösüşiň täze derejesine çykarmak boýunça dowam etdirýän giň möçberli özgertmeleri üstünlikli “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň” hem-de olary durmuşa geçirmegiň Meýilnamalarynyň, okuw maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi we beýleki degişli okuw-terbiýeçilik meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar. Şeýlelikde, döwrebap ösýän milli jemgyýetimizde ýaş nesle çuňňur bilim we asylly terbiýe bermegiň möhüm meselelerine, mugallymlaryň ýokary netijeli iş tejribelerine, okatmagyň täze, işjeň durmuşa geçirilýär. Türkmen ýaşlarynyň döwrebap binalarda sanly tehnologiýalar arkaly bilim almaklary, hünär öwrenmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredýän hormatly Arkadagly Serdarymyzyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan il- ýurt bähbitli işleri elmydama rowaç bolsun!