BAGTYÝARLYK GUJAGYNDA KEMALA GELÝÄN ÝAŞ NESLIŇ EDEP-TERBIÝE ÝÖRELGESINIŇ BINÝADY BERKIDILÝÄR

BAGTYÝARLYK GUJAGYNDA KEMALA GELÝÄN ÝAŞ NESLIŇ EDEP-TERBIÝE ÝÖRELGESINIŇ BINÝADY BERKIDILÝÄR

9-njy maý. Türkmenistan Beýik Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna bes-lendi. Bu taryhy ýeňşe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň garry atasy, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň uly goşandynyň bo¬landygy buýsanç bilen bellenilmelidir. Onuň doganlyk halklaryň wekilleri bilen bilelikde, söweş meýdanlarynda görkezen edermenligi, şan-şöhrata beslenen ömür ýoly döwrebap kemala gelýän ýaş nesil üçin watansöýüjiligiň, gaýduwsyzlygyň, belent borja wepalylygyň ýokary nusgasydyr. Aşgabat şäherinde, welaýat merkezlerinde we ýerlerde bilim edaralarynda geçirilen köpçülikleýin çärelerde bular barada giňişleýin gürrüň edildi.