
BILIME ESASLANÝAN YKDYSADYÝET: SAPAKLARDA SANLY, TÄZEÇIL USULLARYŇ IŞJEŇ ULANYLMAGY
Häzirki döwürde ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak ähli ýurtlar üçin ösüşiň täze tapgyrynyň häsiýetli aýratynlygydyr. Türkmenistanda bilime esaslandyrylan ykdysadyýete geçmek döwletiň durmuş-ykdysady ösüş strategiýasynyň mümkinçiliginde amala aşyryldy. Bilime esaslandyrylýan ykdysadyýet okuwlaryň sanly tehnologiýalara giňden geçirilmegini şertlendirýär. Sanly ykdysadyýetli bilimi guramak diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem, bütin dünýäde döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryndan biridir. Döwletimizde bilim ulgamyny özgertmekde, talyp ýaşlara ýokary hilli döwrebap bilim bermekde belent sepgitlere ýetilýär. Bilimiň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, okuw sapaklary usulyýet taýdan esaslandyrylýar, innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylýar, nazary bilimler önümçilik bilen baglanyşdyrylýar.